Previous Next

Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylary muzeý gaznasyna tabşyrmak dabarasy

2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şol mejlisde Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek barada hem tabşyryk berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik ylmy-barlaglaryň netijesinde dürli döwürlerde ýüze çykarylan tapyndylary bu gün Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabarasy geçirilýär. Türkmenistanda gadymy arheologik we arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin döwlet taryhy-medeni goraghanalar döredildi. Ýurdumyzyň muzeýlerinde maddy we medeni mirasymyzy toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek, milli mirasymyzy halkymyza, şeýle hem dünýä ýüzüne ýaýmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň arasynda saklanyp galan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary ýüze çykarmak, öwrenmek, durkuny saklamak, rejelemek işleri muzeýlerimiz tarapyndan hem yzygiderli amala aşyrylýar. Türkmen topragy adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ata Watanymyz şöhratly geçmişimiziň gönüden-göni şaýatlary bolup durýan arheologik ýadygärliklere juda baýdyr. Şol ýadygärlikler köp ýyllardan bäri diňe bir türkmen arheologlarynyň däl, eýsem, dünýäniň meşhur taryhçylarynyň, syýahatçylarynyň hem ünsüni çekip gelipdir. Ata Watanymyz iň gadymy topragyň biri bolup, onuň medeniýetiniň we sungatynyň täsiri jümle-jahana ýaýrapdyr. Türkmen topragynyň gadymy ýadygärlikleriniň köpüsiniň üstünden ençeme asyr geçip, olaryň ajaýyplygy adamlary haýran galdyrýar. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýolbaşçylygynda Ahal welaýatynyň çäklerindäki taryhy ýadygärliklerde arheologiýa gazuw-barlag işleriniň netijesinde tapylan taryhy tapyndylaryň 182 sanysy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyndan 20 sanysy Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy we muzeýiň ekspozisiýasynda sergilenip bu günki gün halk köpçüligine hödürlenýär. Dabarada Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri, «Nusaý», «Abiwerd», «Köne Sarahs», «Gökdepe» taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleri, «Gökdepe» milli muzeýiniň, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň hünärmenleri, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary, Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar we çykyş etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmekde, gorap saklamakda, dikeltmekde we wagyz etmekde, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek, geljek nesillere ýetirmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýleri üçin döredip berýän mümkinçiliklerine çäksiz sag bolsunlarymyzy aýdýarys.
Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylary muzeý gaznasyna tabşyrmak dabarasy
Note 0 sur 5 Pour 0 votes