«Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi — ýaşlar»
Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz durnukly we batly gadamlar bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar baradaky aladadyr. Çünki islendik jemgyýetiň güýji, kuwwaty we röwşen geljegi onuň bilimli, terbiýeli hem-de watansöýüji ýaşlaryna baglydyr.
Şu maksat bilen, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýindeTürkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi — ýaşlar» atly maslahat ýaş nesliň jemgyýetdäki ornuny we olaryň öňünde durian wezipeleri dabaralandyrýan möhüm waka öwrüldi.
Halkymyzda «Ýaşnesil — guwanjymyz, geljegiň daýanjy» diýen dana jümle bar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, sport we döredijilik dünýäsinde üstünlik gazanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Akylly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň şäheri bolan Arkadag şäherinde geçirilýän bu çäre hem ýaşlaryň täze eýýamyň talaplaryna laýyklykda kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
«Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi — ýaşlar»

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.