«Taryhyň köklerine siňen gadymy mekan» atly muzeý gymmatlyklaryndan bolan milli mirasymyza degişli esbaplardan sergi gurnaldy.
Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň türkmen halkynyň medeni mirasyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary has hem bezedi.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Zenanlar ýaşaýşyň gözelligi” atly gepleşik geçirildi
Pähimdar halkymyzyň ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýýan hormaty gadym zamanlardan bellidir. Zenan maşgalada öý ojagynyň daýanjydyr, gözellikleriň seresidir. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem “Ene terbiýesi-durmuş ýörelgesi” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.