«BEÝIK SERDARYŇ RUHUBELENT NESILLERI»ÇAGALAR MEDENI DYNÇ ALYŞ WE SAGALDYŞ MERKEZINDE GÖÇME SERGI
/>
Iýul aýynyň 8-ne « Beýik Serdaryň Ruhubelent nesilleri» çagalar medeni dynç alyş we sagaldyş merkezinde Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri göçme sergi gurnadylar. Sergide çagalaryň çeken surat eserleri, haýwanlaryň gäpleri we mulýažlary, alabaýyň heýkeli, keramika önümi bolan küýzeler, mejimeler, agaç önümleri görkezildi. Sergini görmäge merkezde dynç alýan çagalar we olaryň terbiýeçi mugallymlary gatnaşdylar. Sergi täsirli boldy. Muzeýiň ylmy işgäri A.Gurbanmämmedowa gyzykly gezelenç gurnady. Çagalar höwes bilen sergini synladylar. Esasanam haýwanlaryň gäpleri we mulýažlary çagalarda gyzyklanma döretdi. Sergini synlamaga gelenler muzeýiň hünärmenlerne köp sag bolsunlaryny aýtdylar. Teleýaýlymda sergi barada çykyşlar boldy.
«BEÝIK SERDARYŇ RUHUBELENT NESILLERI»ÇAGALAR MEDENI DYNÇ ALYŞ WE SAGALDYŞ MERKEZINDE GÖÇME SERGI

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.