Previous Next

MILLI MIRASYMYZDA EKERANÇYLYGYŇ GADYMY KÖKLERI

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Arkadag telekanaly bilelikde miwe baglarynyň arasynda ýazgy edildi. Bu ýazgyda miweli baglar esasanam alma, alma agajy barada söhbet edildi. Türkmen halkynyň ekerançylyk pudagy öz köküni gadymýetden alyp gaýdýar. Ekerançylyk pudagy hem birnäçe ugurlara bölünýär: däneçilik, tehniki ekinler, bakja ekinleri, miweçilik. Miweçilikde şänikli miweler, çigitli miweler görnüşinde bölünýär. Çigitli miwelere alma, armyt, beýi halk arasynda behi hem diýilýär, degişli edilýär. Şolaryň arasynda alma barada söhbet edenimizde alma agajy ýabany görnüşlerden medenileşdirilip, Aziýanyň Ýewropanyň,Demirgazyk Amerikanyň aram guşaklyklarynda giňden ýaýrandyr. Arheologlaryň gazyw agtaryş işerinde gowaklaryň diwaryndaky çekilen suratlaryň içinde almanyň suratynyň agdyk bolmagy, alma köp isleg bildirilendigini, onuň elýeterli miwe bolandygyny görkezýär. Türkmen halky almanyň birnäçe tohumyny döretmegi başarypdyr. Olara: ak bägül, al ýaňak alma, gyzyl ýaňak alma, ak, gyzyl, sary, ýaşyl alma aly tohumlary häsiýetlidir. Milli mirasymyzda miweli baglaryň orny ulydyr.Türkmen halky çagalaryna miwe bilen baglanşykly at dakan bolsalar, miweli baglaryň agaçlary dokma gurallaryny ýasamakda giňden ulanylypdyr. Miwe we bakja ekinleriniň hoşboý ysly, datly tagamly bolmagynda türkmen tebygatynyň ähmiýeti ulydyr, mes topragyň, nurly güneşiň, süýji suwyň netijesinde bal ýaly agzyňda eräp barýan datly önümler ýetişýär.
MILLI MIRASYMYZDA EKERANÇYLYGYŇ GADYMY KÖKLERI
Note 0 sur 5 Pour 0 votes