DÜNÝÄ GÖZELLIKLERINI ZENANLAR WASP EDENDE
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Dünýä gözelliklerini zenanlar wasp edende» ady bilen türkmen keramikaçy gelin-gyzlarynyň döredijiliginde dörän sungat eserleriniň sergisi açyldy.
Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Gülara Babaýewanyň hem-de şol ýokary okuw jaýynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň «Keramika sungaty hünari» bölüminiň 5-nji ýyl talyp gelin-gyzlaryň keramika eserleriniň toplumy sergilendi.
Sergide Gülara Babaýewanyň şägirtleri Laçyn Toýlyýewanyň, Maýa Tejenowanyň, Jemal Batyrowanyň, Ogulbahar Annamuhammedowanyň, Patmagözel Atabaýewanyň keramika işleriniň giň toplumy gözkezilýär.
Gülara Babaýewa Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynda, aýratyn-da keramika babatda tanalýan zehinli suratkeşdir. Onuň eserlerinde taryhy zenan keşplerine bagyşlanan «Tumarşa», «Amazonkalar», «Daýahatyn» atly işleri bar. Gülara Babaýewanyň keramika we haşamly bezeg eserlerinde türkmen milli öwüşginler, taryh, ertekileriň gahrymanlarynyň şekillerini ulanyp, milli ruhy we däplerimizi döwrebap görnüşde beýan etmage çalyşýar. Onuň eserleri türkmen halkynyň taryhyny, däplerini, eserleriniň özboluşlylygy bilen tematik taýdan saýlanyşy we bezeliş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Mugallymanyň keramika eserleri diňe şekil taýdan däl, eýsem reňkiň we syrçanyň ulanylyşy boýunça hem täze ýollary öz içine alýar. Gülara Babaýewa diňe öz eserlerini döretmek bilen çäklenmän, keramikada haşam tehnikasyny öwretmek arkaly ýaş nakgaşkara, keramikaçylara, talyplara öz tejribesini ýetirýär. Halypa hökmünde şägirtlerine diňe tehniki başarnygy däl-de işiň duýgy tarapyny, hünäriň täzelige hemişe açyk bolmagynyň ähmiýetini öwredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen milli sungatynyň ösmegine, onuň taryhyna degişli maglumatlaryň çuňňur öwrenilmegine, halypa şägirtlik ýoluna giň ýol açyp beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
DÜNÝÄ GÖZELLIKLERINI ZENANLAR WASP EDENDE

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.