Previous Next

“Garaşsyzlyk- halkyň ýagty ykbaly” atly sergi

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Bu gün biz Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şan-şöhrata we uly üstünliklere beslenýän döwründe Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenendigini uly ynam bilen aýdyp bileris. Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny daşarky bazarlara çykarmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň kosmosy özleşdirýän döwletleriň hataryna goşulmagy, obadyr şäherleriň keşbiniň tanalmaz derejede özgermegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülmegi, geljegiň, ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheriniň tapgyrlaýyn gurluşynyň dowam etmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy — bularyň hemmesiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli aladalary bardyr. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, diýarymyzyň ähli künjeklerinde her ýylyň 27-nji sentýabr mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyny giňden belläp geçýäris. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Garaşsyzlyk-halkyň ýagty ykbaly” atly sergi gurnaldy. Bu sergä Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenler we Türkmen döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary we talyplarynyň gatnaşdylar. Bu sergide Garaşsyzlyk döwründe ýetilen sepgitleri, üstünlikleri görkezýän birnäçe nakgaş eserleri, heýkeller, keramiki küýzeler, amaly haşam sungatyna degişli zergärçilik şaý sepleri we başga-da birnäçe muzeý gymmatlyklary bilen giňden tanyş boldular. Milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il-ýurt bähbitli dünýä ähmiýetli beýik tutumlary hemişe üstünliklere ýar bolsun!
“Garaşsyzlyk- halkyň ýagty ykbaly” atly sergi
Note 0 sur 5 Pour 0 votes